Ýaş Syýahat
Yza

Türkmen-Iňlis söwda-senagat hyzmatdaşlygy: TUKTIC mejlisi Aşgabatda geçiriler

11 noýabr 2026 | 06:26
Çeşme: TMT.TM
images (3).jfif
2026-njy ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda Türkmen-Iňlis söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin möhüm meýdançasy bolar. Geljekki mejlis barada Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşygynda söhbet edildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we yzygiderli syýasy gepleşikleri hem-de ýokary derejedäki gatnaşyklary dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmen-Iňlis söwda-senagat hyzmatdaşlygy: TUKTIC mejlisi Aşgabatda geçiriler | Ýaş Syýahat