Ýaş Syýahat

Biz barada

2013-nji ýylda esaslandyrylan «Ýaş Syýahat» hojalyk jemgyýeti gurluşyk, önümçilik, oba hojalygy we täjirçilik ugurlaryny özünde jemläp, iş alyp barýan ugurlaryny yzygiderli giňeldýär. Biziň işimiz döwrebap önümçilik desgalaryny döretmäge, infrastrukturany ösdürmäge, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge we Türkmenistanyň ykdysady ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Biz uzak möhletleýin ösüşe, täze iş orunlaryny döretmäge we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap çözgütleri ornaşdyrmaga çalyşýarys.

Esasy iş ugurlary:

Gurluşyk we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi

Oba hojalygy we azyk senagaty

Senagat önümçiligi

Söwda we täjirçilik infrastrukturasy

Myhmanhana işi we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary

Ulag, ammar we hyzmat ediş işleri

2013 — 2026

«Ýaş Syýahat» hojalyk jemgyýeti 2013-nji ýylda esaslandyryldy. Oba hojalygy ulgamynda işine başlap, kompaniýa önümçilik, gurluşyk, söwda we hyzmatlar ýaly täze ugurlary özleşdirip, işini tapgyrlaýyn giňeltdi

  • «Ýaş Syýahat» hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi
  • Un kärhanasynyň, awtokempingli myhmanhana toplumynyň we önümçilik binýadynyň taslamalaryny taýýarlamaga girişildi
  • Baýramaly şäherindäki söwda-hyzmat merkeziniň we Mary şäherindäki köpugurly tikin fabriginiň taslamalary ösdürildi
  • Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda söwda-dynç alyş toplumyny gurmak üçin 11,7 gektar ýer bölegi bölünip berildi