Ýaş Syýahat
Yza

OGT 2026 forumy 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriler

19 oktýabr 2026 | 06:42
Çeşme: TMT.TM
OGT_2026.png
OGT 2026 forumy 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriler. Çärä gatnaşjakdygyny 75 ýurtdan 450 kompaniýa wekilçilik edýän 1700-den gowrak wekili tassyklady. Forum döwlet edaralarynyň, halkara energetika kompaniýalarynyň, maýa goýujylaryň we tehnologik çözgütleri hödürleýän kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemlär. Çäräniň şygary — «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.». Işewürlik maksatnamasynyň esasy ugurlary «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek, Hazar sebitiniň maýa goýum mümkinçilikleri, tebigy gazy gaýtadan işlemek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we metan zyňyndylaryny azaltmak bilen bagly meseleleri öz içine alar.
OGT 2026 forumy 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriler | Ýaş Syýahat